IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

ADAMZAT

Ýatsa-tursa hyýalyndan çykarmaz,
Haýsy işe maýyl bolsa adamzat.
Garyplygyň gamy köňlün çökermez,
Aýal istäp, saýyl bolsa adamzat.

Günäden gorkmanyň ýüzi syýadyr,
Munuň mälim güni rozy-jezadyr,
Bu dünýä mülkünde soltandyr, şadyr,
Kysmatyna kaýyl bolsa adamzat.

Ykballynyň ugran işi oň görner,
Dünýä ýüzi ele girse, teň görner,
Jahyllykda geçen işler geň görner,
Kyrkdan aşyp, aýyl bolsa adamzat.

Her kişi kim, söz manyga düşmändir,
Bir dertlidir − oňa derman duşmandyr,
Kyýamat gün bar talaby puşmandyr,
Hak işine kähil bolsa adamzat.

Akyl et jahanyň raýyn, röwşün,
Ygtybar etmegin dünýä duruşyn,
Magtymguly, ýagşy görmedi işin,
Garrygan soň jahyl bolsa adamzat.

Görülen sany: 1429
Okalyşyna berlen baha: 3.1