IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

ÝYKMAÝAN ÄRDEN

Hiç köňül şatlygy çykmaz,
Bir köňül ýykmaýan ärden.
Ýagşylyk tamasyn etmäň,
Ýamanlyk çykmaýan ärden.

Her kim ile beglik eder,
Bir jem bilen ýola gider,
Kethudalyk yrak gider,
Ýaman söz çekmeýen ärden.

Ýagşy är il aýbyn açmaz,
Göre-bile haram içmez,
Ýaradan ýazygyn geçmez,
Gözýaşyn dökmeýen ärden.

Eglenmez, eýýam öwrüler,
Zaman öter, nyrh çöwrüler,
Agyr döwletler aýrylar,
Bir agza bakmaýan ärden.

Öz-özünden akly ýetmez,
Akyllaryň sözün tutmaz,
Ýoksullyk ýok bolup gitmez,
On iş terk etmeýen ärden.

Goçaklara ýasaw güni,
Ýyglyp gelse goşun käni,
Pygamber bizar ýow güni,
Ýoldaşa bakmaýan ärden.

Magtymguly, ýangyl, öçgül,
Ýa lal otur, ýa dür saçgyl,
Bir guýruksyz itdir, gaçgyl,
Nesihat ýokmaýan ärden.

Görülen sany: 1195
Okalyşyna berlen baha: 0