IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

YHSAN HAÝSY, BILINMEZ

Derdim bardyr diýarymdan, döwrümden,
Haýyr haýsy, yhsan haýsy, bilinmez.
Zalymlaryň jepasyndan, jebrinden,
Yslam haýsy, iman haýsy, bilinmez.

Söhbetinde Hak Kelamyn söýlän ýok,
Mejlisinde bir nesihat eýlän ýok,
Halal haýsy, haram haýsy, saýlan ýok,
Sud haýsydyr, zyýan haýsy, bilinmez.

Halaýykda görelde ýok, görüm ýok,
Baýlarynda sahawat ýok, berim ýok,
Aýallarda uýat, gyzda şerim ýok,
Edep haýsy, erkan haýsy bilinmez.

Kişiniň malyna gözün aldyrlar,
Täsip edip, köňle kine doldyrlar,
Bir-birini nähak ýere öldirler,
Nurbat haýsy, aman haýsy, bilinmez.

Magtymguly, jan myhmandyr, göwre − läş,
Ýagşa dost köp, ýaman bolsaň, ýok gardaş,
Bu eýýamda baş aýakdyr, aýak − baş,
Ýagşy haýsy, ýaman haýsy bilinmez.

Görülen sany: 689
Okalyşyna berlen baha: 0