IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

ÝAÝLAHLARY BAR

Sapar edip barsak Nuha mülküne,
Köňül isläni dek ýaýlahlary bar.
Seýran etsek gunçasyna, gülüne,
Bakjasynda bilbil oýnahlary bar.

Ýeri sazdyr, hassa bolan sagalar,
Arryk, müflis, garyp bolan oňalar,
Serçemen agajy bile deňeler,
Ajap guş salmaly awlahlary bar.

Meýdany doludyr şeker gamyşdan,
Dileg etmez hergiz gardaş gardaşdan,
Üsti ýapyglydyr kümüş kerpiçden,
Her kimiň özi çün suwlahlary bar.

Baş goşmandyr arryk, agsak şa bile,
Atdyryp dogan-le, baz-le gapyla,
Şirwan galasydyr, ony kim bile,
Her burçunda altyn baýdahlary bar.

Magtymguly, sazdyr, söhbetdir işiň,
Ajaldan gaýrydan bolmaz teşwüşiň,
Baýlaryň, pakyryň, ähli derwüşiň,
Ýurdy bolar ýaly parsahlary bar.

Görülen sany: 774
Okalyşyna berlen baha: 0