IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

ÝAT BOLAR

Muhammet ymmaty malsyz bolmasyn,
Malsyz bolsa, dogan-gardaş ýat bolar.
Gaçar aga-iniň, bolmaz hatyraň,
Guwanar duşmanyň, dostuň mat bolar.

Garyp aýak ýalaň, kendir guşakdyr,
Bir märekä barsa, orny aşakdyr,
Garyplar at münüp, depse – eşekdir,
Döwletliler eşek münse, at bolar.

Bir dileg dileseň, möhümiň bitmez,
Dostuň yhlas bilen mürewwet etmez,
Märekede aýdan sözüň jaý tutmaz,
Diňlemezler, aýdan, sözüň bat bolar.

Göreş bir abraýdyr, uruş bir destdir,
Kişini kemsiden – özi näkesdir,
Bir mömine gybat etmek hebesdir,
Gybatkeşiň gazanany ot bolar.

Magtymguly, şükr eýlegil Hudaga,
Ölüm barabardyr şah-u gedaga,
Bisabyr gul tiz ýolugar belaga,
Sabyrly gul dura-bara şat bolar.

Görülen sany: 1982
Okalyşyna berlen baha: 3