IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

TÜRKMEN BINASY

Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr,
Erer ol erkan mydam, budur ki türkmen binasy.

Terki-dünýä eýleýir ol, gelse rakyp gaşyna,
Bil, polatdan bina bolan, budur türkmen galasy.

Süleýman, Rüstem-u Zal, Jemşit oňa bolmuş geda,
Günde ýüz müň salsa leşger, degmez şanyň belasy.

Daglar ondan alar tälim, leşgeri sap-sap durar,
Her salanda Zülpükaryn, artar ýigidiň höwesi.

Teke, ýomut, ýazyr, gökleň, Ahal ili bir bolup,
Kylsa bir jaýa ýöriş, açylar gül lälesi.

Külli gyzylbaş baryny, atdy dag arkasyna,
Gije-saba ýatmaýyr, geler olaryň nalasy.

Ger gadam ursa saýýat, bolmaýyr ol duşygär,
Bendi kylyp ala bilmez, düşmez türkmen balasy.

Aryplary dem-dem geler, toýy bardyr her zaman,
Merdi-merdan sözlüdir ol, ýokdur göwün hilesi.

Aýdadyr Magtymguly, bolmaz göwünde bir gara,
Hak sylaýyp, kylmyş nazar, bardyr Onuň saýasy.

Görülen sany: 2839
Okalyşyna berlen baha: 0