IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

TERK EÝLEME BU MEKANY

Eý, gardaşym, sen Abdylla,
Terk eýleme bu mekany.
Gurbat bersin saňa Alla,
Hijrana salmagyl jany.

Gider bolsaň bu watandan,
Nyşan algyl şirin jandan,
Öter bolsaň ol ummandan,
Meger, goldar Nuhy nebi.

Ýowuz munda men galaram,
Pisada hemra bolaram,
Her dem ýatlap, gan aglaram,
Kyblam-atam Azadyny.

Boz dumanly beýik daglar,
Öter boldy ajap çaglar,
Bihasap miweli baglar,
Pynhan kylyp sen bagbany.

Pelek ne iş başa saldy,
Jismimden janymy aldy,
Uly iller nähoş boldy,
Hak, uzatgyl ol Lukmany.

Beýtinler zaryna dözmän,
Bu jahany ýel deý gezmän,
Umman içre girip ýüzmän,
Bikarar kyldym Jeýhuny.

Agam, inim, ol gardaşym,
Öter boldy ýalňyz başym,
Gaflat bolandyr syrdaşym, 
Zyndan kyldyň bu jahany.

Hany hemraýym, ýaranlar,
Hindistan sary ýörenler,
Ajap jemaly görenler,
Gördüňizmi Meňli hany?

Terhos eýläp galar boldum,
Jana jepa salar boldum,
Tagna bilen köýer boldum,
Soldum göýä ýyl hazany.

Ýyglap, dökdüm hunum nähak,
Aýrylmady serden pyrak,
Bu sözüme bir bawer ýok,
Ýat kylaýyn ol Hudany.

Ser ornuna bolupdyr paý,
Toprak − häki öwrülip maý,
Kime derdim äşgär kylaý?
Kime aýdyp bu pynhany?

Görmedim men mekan ary,
Kylmyşam bihet nisary,
Hemra kyldym bazygäri,
Ýortup gezip Hindistany.

Ol lukmandan boldum hums,
Tilki-şagal bolmuş bars,
Molla ähli dönüp hyrs,
Unudypdyr ol Gurhany.

Söz diýer men, kelam sorsaň,
Odum ýandyr golaý dursaň,
Bir ak öýe barar bolsaň,
Asla almaz ol myhmany.

Umman içre ýüzer harçeň,
Ýortgul bu dünýäni her çen,
Dem gutarar, bilmez haçan,
Tä gelinçä Hak peýmany.

Kelam getirdim dilime,
Zünnar urmuşam bilime,
Magtymguly diýr, ilime.
Bagş etmişem bar dessany.

Görülen sany: 1209
Okalyşyna berlen baha: 0