IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

ŞIRGAZY

Mekan eýläp, üç ýyl iýdim duzuňy,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy.
Ötürdim gyşyňy, nowruz-ýazyňy,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy.

Hakdan bize buýruk, baglydyr bilim,
Sende taglym aldy, açyldy dilim,
Gelsin diýip garar ol gerkez ilim,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy.

Seljerer men indi agy-garany,
Dost, rakyp, gardaşym, Haky, ýarany,
Okadym, göterdim kitap, Gurhany,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy.

Aklym gysga erdi, käsäm gaýnady,
Jiger telwas urdy, göwün oýnady,
......................................................[1]
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy.

Joşgun ýüregimde möwç urar, ýatmaz,
Gaýnar, gazaplanar, hiç laýa batmaz,
Ylym-taglym alan seni unutmaz,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy.

Peýman dolmaý, gelsek takat ýetmeýen,
Pynhan zahyr kylmaz akyl gitmeýen,
Bady-paý atlanyp, seýran etmeýen,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy.

Rige girsem-de, guwwas ýüzer men,
Bihasrat ýaýnaýam, bigam gezer men,
Dahan içre asal-zyban ezer men,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy.

Kämil bolup, serenjam ki kylyp men,
Muşfykymdan – ol pederden galyp men,
Käbämden aýrylyp, jyda bolup men,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy.

Kutbda saý gözläp, gümana duşdum,
Neýsan guýdy, umman − gaýnadym-joşdum,
Hoş gal, bu gün Jeýhun bahrydan aşdym,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy.

Magtymguly taşlap göwün hapasyn,
Sylady pirini, molla-sopusyn,
Daýym unutmaz men tylla gapysyn,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy.


 

[1] Bu setir golýazmada ýok.

Görülen sany: 5796
Okalyşyna berlen baha: 0