Köp namarda mal berip sen, dun dünýä,
Gözi gökde, gaýgysy ýok, sir gider.
Hany aklyň, oda düşüp ýan, dünýä,
Ne mertler bar, ýoksullykda hor gider.
Az ömrüňi sürseň elwan aşratda,
Soň şirin jan galar uzyn hasratda,
Akmaklar bu ýerde galar gaflatda,
Akyl bolan öz gamyny iýr gider.
Ne dogry gelene mähriň inderdiň,
Ne gelmäne sowgat-salam gönderdiň,
Hiç parhy ýok sende merdiň, namardyň,
Arslan öter, tilki geçer, şir gider.
Peýda diläp gelen dünýä şährinden,
Janyn berip, guryp galdy gahryndan,
Dünýä mardyr, ol ýylanyň zährinden,
Tüý döküler, ganat gyrlar, per gider.
Dünýä zendir köp oýnaşly, äri bir,
Bir öpüşde etiň, ganyň sorubiýr,
Ölenden soň, şah-u geda bary bir,
Munda her kim boldujagyn goýr gider.
Adam ogly ýalançynyň ýalanyn,
Çyn sanypdyr egri bakyp gülenin,
Gam çekme, eý dünýä, her kim alanyn –
Karz malyňdyr, ýene gaýdyp biýr gider.
Magtymguly, güýçli bile dalaşmaň,
Haýry goýup, şer işlere ulaşmaň,
Ýagşy-ýaman sözüm köpdür, galyşmaň,
Neçün, her kim bildijegin diýr gider.