IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

OZAN GELER

Döwlet ile geler bolsa,
Başdan-burun ozan geler.
Döwlet ilden giden bolsa,
Molla bilen tozan geler.

Her kes özün mert diýp sansa,
Başyn uruň, eger dönse,
Il içinde yşyk ýansa,
Ozal yşka gyzan geler.

It güjügi ata çeker,
Laýy görse, doňuz çöker,
Çeşme gazsaň, suwy çykar,
Isläp, ony gazan geler.

Hijran yraga atylsa,
Öldürerler, gurt tutulsa,
Magtymguly, at tutulsa,
Ozal dessan ýazan geler.

Görülen sany: 772
Okalyşyna berlen baha: 0