IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

NOGSANA GELGEÝ

Musulmanlar gylyç ursa bir-bire,
Döwlet dönüp, dinler nogsana gelgeý.
Zulm eýläp, bir-birin salsa ýesire,
Pelek bu pikirden puşmana gelgeý.

Bir-birini çapmak ermes ärlikden,
Bu iş şeýtanydyr, belki, körlükden,
Agzalalyk aýrar ili dirlikden,
Döwlet dönüp, nobat duşmana gelgeý.

Görelde ýok boldy, bir hesip galdy,
Ýaman ýalawlandy, ýol kesip galdy,
Şerigat hiç boldy, bir täsip galdy,
Zamananyň zowky şeýtana gelgeý.

Diňle, mesgen tutan kişi çöllerde,
Tasadduk kemelse uly illerde,
Halk üstüne agram düşüp ýyllarda,
Hassalyk köpelip, kast jana gelgeý.

Musulman sen, habar algyl zalaldan,
Gaçawer haramdan, isle halaldan,
Tabagyn kiçeldip, daşyn ulaldan,
Bereketi göçüp, asmana gelgeý.

Sözümi diňleýe bir bilen, belkä,
Myradym – nesihat etmekdir halka,
Kazysy aňlamaz, begi pis ülkä,
Ýagmyr ýagmaý, ýerler gyzmana gelgeý.

Şere şöhrat bermek – şeýtanyň käri,
Gahryn ýuwtmak erer Rahmanyň käri,
Köpelse her iliň seri-serkary –
Nyzamy bozulyp, weýrana gelgeý.

Perwerdigär Özi pakyra pena,
Ol pakyr kim – bolgaý dilinde sena,
Haýsy welaýatda köpelse zyna,
Zemin jünbüş eýläp, lerzana gelgeý.

Magtymguly, dursam sözüm saçmaga,
Aňlamazlar, ýüz goýarlar gaçmaga,
Her il dessur etse şerap içmäge,
Ol ýuwurda tagun durmana gelgeý.

Görülen sany: 790
Okalyşyna berlen baha: 0