IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

MALA SERETMEZ

Owwal-a mal ýagşy, maldan baş ýagşy,
Baş döwletin tapan mala seretmez.
Dogmadyk oguldan dogan daş ýagşy,
Nadan ogul atasyna seretmez.

Atda aýak bolsa, başga syn bolmaz,
Ärde gaýrat bolsa, işi kyn bolmaz,
Söweş güni goç ýigitde üýn bolmaz,
Garşy bakar, peýkam-ýaýa seretmez.

Alaman öňüni serdary başlar,
Goç ýigitler naýza urar, gylyçlar,
Kimse adam ýykyp, kimse at uşlar,
Abyraý tapmasa, paýa seretmez.

Är dostdan geçerler adam aç galsa,
Ýar ýardan aýrylyp, ara daş galsa,
Ýaman hatyn ýagşy äre duş bolsa,
Başyny terk eder, daýa seretmez.

Süýthor bolan kesiň dowzah jaýydyr,
Altyn-kümüş gözleriniň maýydyr,
Köne dünýä muhannesiň öýüdir,
Goç ýigitler bozuk jaýa seretmez.

Dünýä görki näzeninler, ne janlar,
Nadana ýolukdy türpe jenanlar,
Ýardan galan ― äri ölen juwanlar,
Goç ýigidi gözlär, baýa seretmez.

Magtymguly garyp köňlün baý edip,
Kanagat ülkesin bende jaý edip,
Her kim öz ýaryny dogan aý edip,
Aýyn gözlär, başga aýa seretmez.

Görülen sany: 1186
Okalyşyna berlen baha: 0