IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

JAN ISTÄR

Boş galypdyr gapyl göwre,
Merdana birew jan istär.
Ýürek-bagrym kylyp para,
Asudaýy-zaman istär.

Leýlisinden galdy Mejnun,
Gözden döküp ol ganly hun,
Dagda tartyp jebri-hutun,
Güler ýüzli taban istär.

Perhatdyr istäp Şirini,
Çekendir yşkyň jebrini,
Howala berip serini,
Dem gelgençe, döwran istär.

Wamyk Uzranyň yşkynda,
Tara tapmady köşgünde,
Ýaş ornuna gan eşkinde,
Sil bolupdyr, meýdan istär.

Züleýha görüp Ýusuby,
Artdy yşky, ýok hasaby,
Ýüzden alypdyr wejsaby[1],
Syýa zülpi handan istär.

Pyragy, sözlär derdini,
Tilkiler atmyş gurduny,
Söýüpdir türkmen ýurduny,
Eýe bolgan bir han istär.


 

[1] Bu söz aslynda  hyjaby görnüşinde bolsa gerek.

Görülen sany: 1028
Okalyşyna berlen baha: 0