IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

IL GÖZLÄR

Ýowuzlykda gam laýyna gark bolan,
Ukuly gözlerim gözel il gözlär.
Ençe ahy-zarly kapasda galan,
Azat bolan bilbil, gyzyl gül gözlär.

Gözel ilim, sen diýp sökerem ýollar,
Gözüm gubarlandy, zebundyr hallar,
Kenarda dargaýan eýesiz sallar,
Deprenmeý ýaş döküp, umman, sil gözlär.

Otly lybas geýen göwün yşklar,
Şasyz ýowuz düşen tagty-köşkler,
Ýar diýip sergezdan pakyr-aşyklar,
Uzyn boý, gara göz, inçe bil gözlär.

Kararsyz göwünler, bialaç janlar,
Nähak aksa, şehit — ynsandan ganlar,
Rebig gül üstünde ol perwanalar,
Nowbahar paslynda saba ýel gözlär.

Zybansyz dahanlar, görksüz ýüzler,
Syýa gaş, ok kirpik, ol gara gözler,
Hiç ýersiz gürrüňler, manysyz sözler, 
Hylwatdan daş çykar, güň-u lal gözlär.

Akmak şalar, erksiz wezir, ol gullar,
Inçe bil, serwi boý, ak, uzyn gollar,
Göwün nagşy düýşde görlen hyýallar,
Tylla, göwher, genç-hazyna, mal gözlär.

Magtymguly, biz deý misgin hem baýlar,
Oksuz keman, kirşsiz gurulan ýaýlar,
Aýlanan döwürler, günler-u aýlar,
Çoh gerdiş öwrüler, täze ýyl gözlär.

Görülen sany: 1224
Okalyşyna berlen baha: 0