IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

GÖRÜLSIN INDI

Gorka-gorka üflis ýagdaýa düşdük,
Takdyr näme bolsa, görülsin indi.
Pikir gazanynda gaýnadyk, bişdik,
Degme, ol joş urup dökülsin indi.

Ozal başda Jepbar bar etdi ýokdan,
Niçäni nurundan, köpi toprakdan,
Habar geldi, dostlar, ýakyn-yrakdan,
Duşmana gurt oýny gurulsyn indi.

Oturmasyn kempir, ýaşlar dul bolup,
Galmaňlar, türkmenler, ile dil bolup,
Rakyp ähli musulmana gul bolup,
Ilersi Soňdaga sürülsin indi.

Göz bilen gördüňiz, köpler gedadyr,
Niçeler azaşdy, niçe pidadyr,
Eý, ýaranlar, kuwwat berjek Hudadyr,
Aly Zülpükary syrylsyn indi.

Nähak dökülmesin gyzyl ganymyz,
Duşmana galmasyn beýtin, nanymyz,
Ýada salyň, amanatdyr janymyz,
Taňra zerur bolsa, berilsin indi.

Üstümizden duşman höküm sürendir,
Mömin bary jebri-jepa görendir,
Ogul-gyzy har öňüne berendir,
Hemmeler ol jaýdan çykylsyn indi.

Pyragy ýüz tutar türkmen iline,
Duşman gol urmasyn gyzyl gülüne,
Dostlar, bizem ahyretiň siline,
Gark etmänkä, rakyp çapylsyn indi.

Görülen sany: 1015
Okalyşyna berlen baha: 0