IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

DÜÝŞÜNE DEGMEZ

Ýoksullykda niçeleriň döwrany,
Ýatyp, ýagşy gören düýşüne degmez.
Niçeler hasrat-le tapyp höşk nany,
Bir lezzetli tagam dişine degmez.

Soran bolsa, synam içre suzlar bar,
Ýüz tümenden ýegdir, niçe sözler bar,
Neýsansyz, nebatsyz niçe ýazlar bar,
Hoşluk bilen geçen gyşyna degmez.

Akyllar bar − başa baglap keçeler,
Içgin-içgin sorsaň, many seçeler,
Akmaklykda özün bezäp niçeler,
Kellesine saran peşine degmez.

Aňlamaza aýat sözlerin diýseň,
Pygamber hadysyn öňünde goýsaň,
Gyýmazlykda müň söz beýnisne guýsaň,
Ol sözler gulagnyň daşyna degmez.

Ynjytsa ogul-gyz ene-atasyn,
Toba kylmaý, Hak geçirmez hatasyn,
Döwran gelse bilmez, ne iş tutasyn,
Her kimiň her işde başyna degmez.

Niçeler mal tapmaz, teňi-dest bolar,
Niçeler bar – dünýälikde mest bolar,
Niçeler bar – ýigitlikde nist bolar,
Niçeler bar – süren ýaşyna degmez.

Magtymguly, gerçe işim namazdyr,
Köňlüm perişandyr, sähwim derazdyr,
Ärler bar – müň tümen iýdirseň azdyr,
Adam bardyr – iýen aşyna degmez.

Görülen sany: 934
Okalyşyna berlen baha: 0