IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

DONLY GÖRNER

Dogry bakmazlar jullyýa,
Göze gyzyl donly görner.
Söz pähm etmez akmak-gedi,
Öz ýanyndan dilli görner.

Başa degmeýinçä gurtlar,
Kast etmäň, gerekdir ýurtlar,
Ýagyda tanalar mertler,
Il içinde mally görner.

Pikr et başa iş düşmände,
Yssy ýokdur soň puşmanda,
At − meýdanda, är − duşmanda,
Toýda tirme şally görner.

Jany sagyň sözlär dili,
Jomardyň dek durmaz eli,
Her kişiniň öz akyly,
Özüne kemally görner.

Gadymdan setdir ýagşylyk,
Ýagşy zatdyr ýagşy gylyk,
Mert ýigide az ýagşylyk,
Az hem söýgüli görner.

Gel, akyl dolandyr indi,
Ýürek peýwendi, jan bendi,
Her kişiniň öz perzendi,
Özüne jemally görner.

Magtymguly, söz binýadyň,
Agzynda ýakynyň, ýadyň,
Hünär ýok, söz bilen adyň,
Halk içinde belli görner.

Görülen sany: 968
Okalyşyna berlen baha: 3