IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

ÇOWDUR HAN

Gökleň, ýomut ýola çykyp, bakyşyp,
Umyt etdi, geler aman, Çowdur han.
Molla, müfti Haka doga okyşyp,
Gutardylar kitap − Gurhan, Çowdur han.

Guş-gumursy idäp dagdan geçdiler,
Balyklar ýol diýip suwun içdiler,
Gelin-gyzlar gyrmyz donlar biçdiler,
Kamysdan lybaslar hem don, Çowdur han.

Daglar başyn egdi, duman bürendi,
Ýeller galabilmän, ýerde süýrendi,
Aý-Gün batyp, gökde Myrryh göründi,
Bulutlar boldular baran, Çowdur han.

Malyn taşlap geldi çopan-çoluklar,
Kenara çykdylar suwdan balyklar,
Özün tuta bilmän ýerde halklar,
Tartdylar barysy efgan, Çowdur han.

Bezirgenler yrak ýolun unutdy,
Söwdagärler malyn yza uzatdy,
Aýlar-günler batdy, zarlap daň atdy,
Yns-jyns tartyp arman, Çowdur han.

Dolandylar Hindistana baranlar,
Eňreşdiler merdan adyň soranlar,
Kelamylla açyp, ykbal garanlar,
Tapmady derdiňe derman, Çowdur han.

Tartan oky hiç çykmady saýýadyň,
Titretdi älemi Çowdur han adyň, 
Sany, hesibi ýok gelýän perýadyň,
Dyza çöküp ýyglar Turan, Çowdur han.

Magtymguly, uçdy ol algyr guşum,
Arkadagym, eziz syrdaş, gardaşym,
Many saça bilmez çalaran başym,
Büräp aldy ony duman, Çowdur han.

Görülen sany: 981
Okalyşyna berlen baha: 0