IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

AMANA GELER

Mert bolar men diýseň, merde hemra bol,
Namart merdi görse, amana geler.
Zar kylar men diýseň, aha gulak sal,
Baýguş uzak uçmaz, weýrana geler.

Rüstem Zal dälmidi dünýäni alan?
Merdana-mert bolup, döwüşler kylan,
Rafyk dälmi söwer hemrasy bolan?
Namyssyz ýigitler gümana geler.

Nakyl bardyr: «Ten agyrsa, jan syzar»,
Kim görüpdir, uçan guşdan päl ozar?
Jojuk dogan güni penasyn gazar,
Soňra guýruk bulap, meýdana geler.

At alaňda sürüp alsaň çamany,
Göwnüňde goýmaz ol zerre gümany,
Hemra kylma göwni gara, ýamany,
Syryňy paş eýläp, diwana geler.

Hana hemra bolma, päliň azmasa,
Şa gyzyny alma, Huda ýazmasa,
Her dem ýörgül, birew ýoluň bozmasa,
Egri ýoldan gitseň, ýamana geler.

Misgin bolsun mydam seniň syrdaşyň,
Oldur ýürekdeşiň hem-de gardaşyň,
Ýowuz güne düşse bu ejiz başyň,
Oda bile ýanar, dermana geler.

Kazylar betpäldir, uzyndyr dili,
Bir lakgy çaşyrar ol küren ili,
Aksakgal baýlaryň azanda päli,
Bir geňeş kylmaga Karuna geler.

Meý mest bolup, gelen günüm ötürsem,
Hana arzym aýdyp, golum ýetirsem,
Göwünde islegim gola getirsem,
Gamda galan göwnüm döwrana geler.

Daglar gojalandyr, dumany gitmez,
Şuny anyk biliň, namartlar ötmez,
Mert ýigidiň goly döwlete ýetmez,
Gaýta başdan hyýal armana geler.

Magtymguly, bu ne hyýal, ne päldir?
Bu ne nesihatdyr, ne uzyn dildir?
Göwün bir açylan gyrmyzy güldür,
Bu gün şatdyr, erte pygana geler.

Görülen sany: 770
Okalyşyna berlen baha: 0