IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

ABDYLLA

Sen gideliň dokuz ýyldyr öteni,
Kaýda watan tutduň, gardaş Abdylla?
Dolanmazmy ynsanýetiň gideni,
Kaýda watan tutduň, gardaş Abdylla?

Daga arzym aýdyp, tutdum habaryň,
Lal bolupdyr dili, diýmez azaryň,
Ata-enesiz nedir seniň kararyň?
Kaýda watan tutduň, gardaş Abdylla?

Gorky peýdasy ýok gidejek jana,
Ömür ahyr boldy, doldy peýmana,
Ýa-da sen düşdüňmi düýpsüz ummana?
Kaýda watan tutduň, gardaş Abdylla?

Üstümize hijran ody sepildi,
Kuwwatym gidipdir, dyzym epildi,
Gan ýyglap, atamyň bili büküldi,
Kaýda watan tutduň, gardaş Abdylla?

Ýüzüm tutup çykdym jandar baryna,
Özüm rowa geldim hijran daryna,
Döze bilmen beýtinleriň zaryna,
Kaýda watan tutduň, gardaş Abdylla?

Ilde-günde ýokdur meniň kararym,
Dert üstüne artdy gaýta azarym,
Ýat boldy watanyň, öýüň-öwzaryň,
Kaýda watan tutduň, gardaş Abdylla?

Güwş tutar men her diýilen sözlere,
Jepa berdiň hijran bilen bizlere,
Özüm urar boldum oda-közlere,
Kaýda watan tutduň, gardaş Abdylla?

Gülüp-oýnamadyk bile şat bolup,
Başdan gitdiň, bütin bizden ýat bolup,
Magtymguly zar aglaýyr mat bolup,
Kaýda watan tutduň, gardaş Abdylla?

Görülen sany: 1261
Okalyşyna berlen baha: 0