IMG-LOGO
Köňül nagyşlary. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanýar. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. – S. 59.

Magtymgulynyň eserleriniň biziň üçin gymmaty onda türkmen diliniň örän sap nusgalarynyň barlygyndadyr. Bu hili nusgalary onuň at, ýarag hakda we ş.m. temalara bagyşlap ýazan goşgularynda görmek bolýar. Munuň ýaly ýagdaý Gündogar halklarynyň edebiýatynda juda seýrek duş gelýär. Toýda­tomguda ýa­da ýönekeý bir üýşmeleňde Magtymgulynyň aýdymlaryndan aýdýan bagşyny diňlemek miýesser gelen pursatlary meniň aňymda asla ýitmejek täsir galdyrdy.

Arminiý Wamberi, wenger alymy
Köňül nagyşlary. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanýar. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. – S. 58.

Magtymgulynyň aýdymlaryny iki tarly tamdyrasyna goşup aýtmak türkmen üçin aňrybaş hezillikdir. Magtymguly türkmenleriň gökleň urugyndan bolup, ol dünýäniň ähli kitaplaryny, ylmyny gowy bilip, ajaýyp zatlar döredipdir, örän oňat goşgular ýazypdyr. Onuň kitaby Gurhandan soň, türkmenleriň arasynda uzak wagtlap ikinji orny eýelär.

Arminiý Wamberi, wenger alymy
1 2