IMG-LOGO
Medeni we edebi çareler

MOSKWA WE SANKT-PETERBURG ŞÄHERLERINE GURALAN GULLUK IŞ SAPARY BARADA

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty we ylmy-intellektual taglymaty netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda milli mirasymyzy, şöhratly geçmişimizi çuňňur öwrenmek, edermen watan ogullarynyň, görnükli şahyrlarymyzyň, beýik akyldarlarymyzyň şahsyýetini, ylmy-edebi miraslaryny toplamak, öwrenmek hem-de dünýäde dabaralandyrmak babatda giň mümkinçilikler döredilýär. 

“Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakyndaky” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralyndaky 2139 belgili Kararyna hem-de 2022-nji ýylyň 23-nji dekabrynda çykaran 371 belgili Karary bilen tassyklanan geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, Russiýa Federasiýasynyň golýazma hazynalarynda we kitaphanalarynda saklanýan Magtymguly Pyragynyň eserlerine, ömrüne we döredijiligine, türkmen halkynyň edebiýatyna, taryhyna degişli çeşmeleri, golýazma eserleri gözlemek, tapmak we olaryň elektron we mikrofilm nusgalaryny Türkmenistana getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýagny Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň türkmen taryhynyň golýazma çeşmeleri bölüminiň müdiri Geldimyrat Muhammedow, şeýle-de  şol institutyň tekstologiýa we edebi miras bölüminiň esasy ylmy işgäri Orazgeldi Gurbanow 2023-nji ýylyň 17-nji fewralyndan 9-njy mart aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa we Sankt-Peterburg şäherlerinde ylmy-döredijilik iş saparynda boldular. 

Alymlarymyz Geldimyrat Muhammedow hem-de Orazgeldi Gurbanow 2023-nji ýylyň 17-nji fewralynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde ýerleşýän Domodedowo adyndaky halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň wekilleri tarapyndan garşylandy. 

18-nji fewralda türkmenistanly alymlar Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Gündogary öwreniş institutyna bardylar we ol ýerde institutyň baş ylmy işgäri Anikeýewa Tatýana Aleksandrowna bilen duşuşdylar. Soňra wekiller ol ýerde saklanýan golýazmalar bilen içgin tanyşdylar.

20-nji fewralda türkmenistanly alymlar Moskwa şäherinde ýerleşen Gündogar döwlet muzeýine baryp, muzeýiň direktory Ilýa Wladimirowiç Zaýsew bilen duşuşdylar.

Alymlar 21-nji fewralda Russiýa Ylymlar akademiýasynyň Sankt-Peterburg şäherindäki Gündogar golýazmalary institutyna bardylar we şol institutyň golýazmalar hazynasynda işlemäge başladylar.                   

27-nji fewralda türkmenistanly alymlar Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň gündogary öwreniş fakultetiniň kitaphanasyna baryp, ol ýerde saklanýan golýazmalar bilen ýakyndan tanyşdylar. 

2023-nji ýylyň 1-nji martynda alymlar Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherindäki Russiýanyň milli kitaphanasyna bardylar. Ol ýerde Orta Aziýa golýazmalar bölüminiň müdiri Olga Wasilýewa bilen duşuşdylar. Alymlar kitaphanada saklanýan golýazmalar bilen tanyşdylar.     

Alymlarymyz 3-nji martda Russiýanyň ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň direktory Andreý Wladimirowiç Polýakow bilen duşuşyp, ol ýeriň alymlary bilen söhbetdeşlik guradylar. Şol günüň ikinji ýarymynda institutyň arheologiýa merkeziniň direktory Natalýa Fedorowna Solowýowa bilen duşuşdylar. 

6-njy martda alymlar Russiýanyň Etnografiýa muzeýiniň Kawkaz, Orta Aziýa we Gazagystan bölüminiň müdiri Larisa Fedorowna Popowa bilen duşuşyp, muzeýde saklanýan türkmen taryhyna degişli muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdylar. 

7-nji martda Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherindäki Diniň taryhy döwlet muzeýine bardylar. Alymlar muzeýiň ylym işleri boýunça orunbasary Ýekatrina Aleksandrowna Terýukowa bilen duşuşdylar. Soňra ol ýerde saklanýan golýazmalar bilen tanyşdylar. 

Türkmenistanly alymlar 8-nji martda ylmy-iş saparyny tamamlap, Sankt-Peterburg şäherinden Kazan şäheriniň üsti bilen 9-njy martda Watanymyza dolanyp geldiler.

Saparyň netijesinde Gündogaryň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalarynyň hem-de türkmen edebiýatyna we taryhyna degişli golýazmalaryň birnäçe nusgalary ýurdumyza getirildi.

IMG