Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe – «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» milli mirasymyzy, taryhymyzy, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerimizi çuňňur öwrenmek, dünýä ýaýmak ugrunda ägirt uly işler alnyp barylýar. Görnükli şahyrlarymyzyň, beýik akyldarlarymyzyň ylmy-edebi miraslaryny toplamak, öwrenmek we dünýäde dabaralandyrmak, şeýle hem bu ugurda halkara ylmy jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlyk etmek babatda giň mümkinçilikler döredilýär.
Gündogaryň beýik akyldary hem nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen tanyşdyrmak hem-de beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilmegini halkara derejede wagyz etmek maksady bilen, şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň 23-nji dekabrynda çykaran 371-nji karary bilen tassyklanan geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasynyň Azerbaýjan Milli Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde guramagynda 2023-nji ýylyň 15–16-njy fewralynda «Magtymguly Pyragy – dünýä edebiýatynyň görnükli şahyry» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi hem-de bu ýerde şahyryň ömri we döredijiligine, milli mirasymyza bagyşlanan sergi guraldy.
Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen-azerbaýjan halklaryny, bu iki ýurdy öňden bäri dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Munuň özi iki halkyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen taryhy-medeni we ruhy umumylygy bilen şertlendirilendir. Häzirki döwürde bolsa bu gatnaşyklar hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Türkmenistan – Azerbaýjan döwletleriniň arasynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilmegini halkara derejede dabaralandyrmagyň çäklerinde geçirilen bu ylmy-amaly maslahata türkmen-azerbaýjan ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri, Azerbaýjan Respublikasynyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şahyryň şygyrlarynyň köpsanly azerbaýjanly muşdaklary hem-de bu ýerde bilim alýan türkmenistanly talyp ýaşlar gatnaşdy.
Magtymguly Pyragynyň şahsyýetini, döredijilik mirasyny Azerbaýjan Respublikasynda wagyz etmek maksady bilen guralan ylmy iş saparyň birinji gününde, ýagny 2023-nji ýylyň 15-nji fewralynda Azerbaýjan Milli Ylymlar akademiýasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky Edebiýat institutynda «Magtymguly Pyragy – dünýä edebiýatynyň görnükli şahyry» atly ylmy-amaly maslahat ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilip, bu maslahatda Azerbaýjan Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Isa Habibbeýli hem-de Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Gurbanmämmet Elýasow iki döwletiň arasynda ýola goýlan diplomatik, syýasy-strategik gatnaşyklaryň pugtalandyrylyşy, medeni-ynsanperwer ugurlarda, ylmy-innowasion tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlygyň ösdürilişi babatda çuňňur mazmunly we täsirli çykyşlary etdiler. Şeýle hem doganlyk Azerbaýjan Respublikasynda beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer garaýyşlarynyň ähmiýetliligi, onuň Azerbaýjan halkynyň edebiýatynda, jemgyýetçilik durmuşynda tutýan orny, akyldaryň şahsyýeti, ölmez-ýitmez döredijiligi, şygyrlarynyň terjime edilişi ýaly köpugurly mowzuklar boýunça Mämmet Alyýew, Ismihan Osmanly, Töhfe Talibowa we başga-da birnäçe belli azerbaýjan alymlarynyň, edebiýatşynaslarynyň çykyşlary diňlenildi.
Şunuň bilen birlikde, bu maslahata gatnaşýan türkmen ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri – Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary Ata Gylyjow, Ýusup Lallakow, Gurbanberdi Gurbangeldiýew dagylar hem täsirli çykyş edip, görnükli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň türkmen we gündogar edebiýatynyň ösdürilmegine goşan goşandy, döwletlilik, wagyz-nesihat, sopyçylyk, dünýewi häsiýetli garaýyşlarynyň mizemezligi, beýik şahyryň milli we dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna öwrülen şygyrlarynyň çeperçilik aýratynlyklary, şahyryň ýaşan zamanasynyň syýasy-jemgyýetçilik ýagdaýlary hakynda möhüm ylmy maglumatlary beýan etdiler. Şeýle hem bu ýerde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döwlet muzeýiniň we Türkmen döwlet çeperçilik akademiýanyň guramagynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan we milli medeniýetimiziň gazananlaryny dabaralandyrýan sergi geçirildi. Sergi synlamlarynda ýerleşdirilen milli mirasymyz bilen bagly muzeý gymmatlyklary maslahata gatnaşyjylarda ýakymly duýgulary oýardy.
Ylmy iş saparyň ikinji güni hem Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit we senagat uniwersitetiniň binasynda Magtymguly Pyragynyň edebiýat agşamynyň geçirilmegi, görnükli şahyryň dürli ýyllarda neşir edilen kitaplarynyň hem-de milli mirasymyzyň dabaralandyrylmagyna bagyşlanan serginiň guralmagy ýaly täsirli wakalara beslendi. Dabara gatnaşýan iki döwletiň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleriniň arasynda Magtymguly Pyragynyň mirasynyň bütin dünýäde öwrenilişi babatda gazanylan ylmy garaýyşlaryň umumylyklary, aýratynlyklary we beýleki dünýewi häsiýetli pikirler boýunça geçirlen özara pikir alyşmalar, okyjylar köpçüliginiň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda guralan çeper okaýyşlar edebiýat agşamyna aýratyn öwüşgin çaýdy.