IMG-LOGO
Ylmy-amaly maslahatlar

Koreýa Respublikasynda maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Medeniýet günleri we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat, sergi we medeni çäreler 2023-nji ýylyň 27-31-nji marty aralygynda Koreýa Respublikasynyň Seul we Yýjoň-bu şäherlerinde geçirildi

Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilen Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahaty, sergi hem-de halkara konsert Seul şäherindäki Koreýanyň Söwda senagat edara binasynda 2023-nji ýylyň 29-njy martynda öz işine başlady. Ilki bilen türkmen milli amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň sergisi görkezildi. Soňra Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatda Merkezi Aziýa – Koreýa Dostluk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy hanym Li Ok Rýon, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Begenç Durdyýew, Koreýa Respublikasynyň Milli Mejlisiniň orunbasary Çoň U-Tek, Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary Gurbanmyrat Myradalyýew, Koreýa Respublikasynyň öňki Premýer-ministriniň orunbasary, Ylym we tehnologiýa ministri O Mýoň gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Olar gadymy Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmekde, türkmen we koreý döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady, medeni, ylym-bilim we beýleki ugurlarda gatnaşyklary ösdürmekde hem-de öňdebaryjy garaýyşlary ýaýratmakda bu ylmy-amaly maslahatyň we medeni çäreleriň ähmiýetini bellediler. Bu ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini, oňa Türkmenistanyň uly goşant goşýandygyny anyk mysallar arkaly nygtadylar. 

Gutlag çykyşlaryndan soňra Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri hem döredijiligi barada gürrüň berýän wideo görkezildi hem-de Magtymguly Pyragynyň “Türkmeniň” goşgusy koreý dilinde okaldy. Ylmy-amaly maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil-edebiýat, taryh we pedagogika ylymlary bölüminiň müdiri – alym kätip, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Myrat Tuwakow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Dawut Orazsähedow, Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň departament başlygy Kiçeon Çoý, «Türkmenistan» gazetiniň bölüm redaktory Akmyrat Hojanyýazow Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, edebi mirasynyň taryhy ähmiýeti we türkmen hem-de daşary ýurt alymlary tarapyndan ylmy esasda öwrenilişi, türkmen halkynyň Milli Lideri, Alym Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we Arkadagly Serdarymyz, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek babatda alnyp barylýan işler, şahyryň goşgularynyň daşary ýurt dillerine terjimesi, “Magtymguly Ensiklopediýasyny”, “Magtymguly portalyny” taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işler dogrusynda çykyş etdiler. Soňra Türkmen-koreý bilelikdäki sungat ussatlarynyň halkara konserti boldy we onda türkmen we koreý halkynyň sungat ussatlary çykyş etdiler. Bu ylmy-amaly maslahata, sergä we konserte Türkmenistan, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Azerbaýjan, Gruziýa, Owganystan, Pakistan, Hytaý, Mongoliýa ýaly döwletlerden, alymlar, ilçiler, diplomatlar, medeniýet we sungat ussatlary jemi 100-den gowrak wekil gatnaşdy. 

Şol gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil-edebiýat, taryh we pedagogika ylymlary bölüminiň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Myrat Tuwakow hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Dawud Orazsähedow bu ýerde ençeme ýyllap Koreýa Respublikasynyň Ylym we tehnologiýa ministri we Koreýa Milli mejlisiniň deputaty bolup işlän, häzirki wagtda bolsa Koreýa Milli mejlisiň milli ylym we tehnologiýa boýunça geňeşiniň başlygy Şang-Hi Ri bilen duşuşyk geçirdiler. Bu duşuşyga Koreýa tarapyndan biotehnologiýa we mawy tehnologiýalar babatda iş alyp barýan 3BIGS şereketiniň baş direktory Junhýun Park hem gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşan koreýaly kärdeşler türkmen topragynyň dürli dermanlyk ösümliklere baýdygy üçin Türkmenistan bilen biotehnologiýa, derman önümçiligi we dermanlyk ösümlikleri öwrenmek babatda hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirýändiklerini aýtdylar. Olar türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik ýygyndysyny uly gyzyklanma bilen öwrenýändiklerini we onuň 6 jildini koreý diline terjime edendiklerini belläp geçdiler. Türkmen tarapy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagynda Tehnilogiýalar merkeziniň we Umumy we amaly biologiýa institutynyň işleri alyp barýandygyny bellemek bilen, koreýaly kärdeşleriň teklipleriniň diplomatik ýollar arkaly türkmen tarapyna iberilmeginiň maksada laýyk boljakdygyny nygtadylar. Türkmen tarapy duşuşyga gatnaşan koreýaly alymlary şu ýylyň 12-nji iýunynda ylymlar gününe bagyşlanyň geçiriljek "Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar" atly halkara ylmy maslahatyna çagyrdylar. Şol halkara maslahatyň çäklerinde Koreýa tarapy degişli türkmen kärdeşleri bilen gyzyklanma bildirýän ugurlary boýunça pikir alşyp bilerler. 

2023-nji ýylyň 30-njy martynda Koreýanyň Hankuk uniwersitetiniň binasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde türkmen milli amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň sergisi, türkmen sungat ussatlarynyň konserti geçirildi hem-de “At – myrat” atly türkmen kinofilmi görkezildi. 

Şol gün Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary Gurbanmyrat Myradalyýewiň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory Dawut Orazsähedowyň Koreýa Respublikasynyň Milli sungat uniwersitetiniň binasynda bu uniwersitetiň rektory Daijin Kimiň arasynda duşuşyk boldy. Duşuşykda iki ýurduň medeniýet we sungat pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň şu güni we geljegi barada pikir alşyldy. 

2023-nji ýylyň 31-nji martynda Koreýanyň Şinhan uniwersitetiniň binasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde türkmen milli amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň sergisi, türkmen sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Şinhan uniwersitetiniň Sport ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde Teakwondo toparynyň çykyşlary görkezildi. Soňra “Islärin” atly türkmen kinofilmi görkezildi. 

Soňra Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary Gurbanmyrat Myradalyýew, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Begenç Durdyýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil-edebiýat, taryh we pedagogika ylymlary bölüminiň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Myrat Tuwakow hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Däwut Orazsähedow bu ýerde Koreýanyň Şinhan uniwersitetiniň rektory Kang Song Jong bilen duşuşyk geçirdiler.

Türkmenistandan baran wekiliýet özara söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary we içeri syýasaty netijesinde ýurdumyzda giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, tejribe alyşmaga, sebit we dünýä ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge uly ähmiýet berilýändigi bilen içgin tanyşdyrdylar. Türkmenistanyň bu günki ösüşleri, söwda, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ugurlarda türkmen-koreý dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmekde durmuşa geçirilýän işler dogrusynda pikir alşyldy.   

Umuman, bu çäreler medeni, ylym-bilim edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmekde we ähli taraplaýyn ösdürmekde öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. 

Türkmen-koreý döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady, medeni ugurlar bilen birlikde, ylym-bilim ulgamynda hem gatnaşyklar geljekde hem dowam etdirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy. Türkmen-koreý halklarynyň arasynda medeniýet, ylym-bilim we edebi mirasy öwrenmek babatda gatnaşyklary mundan beýläk hem täze derejelere çykarmaga ýardam berjekdigi nygtaldy. Sanly ylym ulgamy arkaly ylmy-barlag institutlarynyň alymlary bilen bilelikde türkmen we koreý halklarynyň dünýä medeniýetiniň ösüşine goşan goşandyny ylmy esasda öwrenmekde hyzmatdaşlygy döwrebap ösdürmegiň zerurlygy bellenildi. 

Onlaýn we oflaýn formatda alymlaryň arasynda ylmy maglumatlary alyşmaga, türkmen halkynyň we Gündogar ýurtlarynyň halklarynyň taryhy, arheologiki, medeni, edebi mirasyny özara baglanyşykda öwrenmäge üns bermegk örän möhümdir. Alym Arkadagymyzyň ylmy-ensiklopedik kitaplaryny, şeýle hem taryhy we häzirki zaman edebiýatmyzyň eserlerini, türkmen alymlarynyň ylmy işlerini mundan beýläkde hem dürli dillere yzygiderli terjime etmäge oňyn täsirini ýetirjekdigi mälimdir. 

2023-nji ýylyň 27-31-nji marty aralygynda Koreýa Respublikasynyň Seul we Yýjoň-bu şäherlerinde geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günlerine we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen halkara ylmy-amaly maslahata, sergä we medeni çärelere gatnaşan türkmenistanly we koreýaly wekiliýet şeýle çäreleriň yzygyderli geçirilip durmagynyň iki ýurduň we iki halkyň has-da ýakynlaşmagyna we dürli ugurlar boýunça tejribe alyşmaga mümkinçilik döretjekdigine ynanýarlar. Şeýlelikde, bu çärelere gatnaşyjylar iki ýurduň döwlet baştutanlaryna çuňňur hoşallyklaryny bildirdiler.

IMG